Merkezi Aziýa ClimateImpactsOnline-da maglumatlar

Klimat sektory we oba hojalyk üçin ilkinji görkezijileri babatynda, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin klimatyň üýtgemeginiň mümkin bolan netijelerini görkezýär. Klimat görkezijileri, 30°C-dan ýokary temperaturaly günleriň sany ýaly, temperaturany we ýagynlary öz içine alýar. 1981-2014ýý. döwri üçin W5E5 synlarynyň maglumatlary hem-de geçmi we geljek üçin modelirlemegiň netijeleri bardyr. Soňky görkezijiler, BMDT6 bilelikdäki modelirlemegiň netijesinde alyndy. Masştabirlemegiň üç sany ornaşdyrylan ädimi, sebitleri we etraplary has-da jime-jik görkezilişini almaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda sebit üçin, Baglanşykly modelleri deňeşdirmek boýunça Taslamanyň 6-njy Tapgyrynyň (BMDT6), üç sany dürli umumy durmuş-ykdysady görnüşleri (UDYG) görkezilýär. Her bir UDYG-yň esasynda, ykdysadyýetiň geljekki ösüşi we klimaty goramak boýunça çäreler babatynda dürli çaklamar ýatyr. Dürli ýollar, ulanylýan klimat modelleri we synlary, “Maglumatlaryň esasy” maglumat ýazgylarynda has jime-jik beýan edilen.
Dürli üýtgeýän görkezijileriň görkezilen kartalary, wagt aralygynda (10-ýyllyk, 30-ýyllyk) ähli ýyllar we BMDT6-da ulanylan umumy aýlawyň dürli modelleri (UAM) boýunça medianany görkezýär. Diagrammada, şol bir maglumatlar boýunça hasaplanan, 10- we 90-göterimlik ähmiýetler goşmaça görkezilen.
Baş sahypa we MA üçin bölümi saýlamaga gaýdyp gelmek

Imprint Privacy